Taksilerde ýolagçy gatnatmak

Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerindäki işiň möhümdigini belledi hem-de ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän ulag hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.