Etrap ara ýolagçy gatnawlary

Häzirki döwürde Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglar parkynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar tutýar. Bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk oňyn netije berýär. Şunda, taraplaryň ikisi hem gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan we ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän “Hyundai” korporasiýasy “Aşgabat 2017” oýunlary üçin awtoulaglary getirýän resmi düzüm hökmünde seçilip alyndy.