Täze ýyl mynasybetli jemgyýetçilik awtobus ugurlary barada

Sene: 2021-01-30

Hormatly ýolagçylar!

«Türkmenawtoulaglary» agentligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik awtobuslaryň Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi ugurlar hem-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2020-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglarynyň gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.