Ýubileý mynasybetli sylaglar. Lebap welaýatynyň häkimliginde döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy

Sene: 2021-09-26

Mukaddes baýramçylyk ― Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý senesi mynasybetli Lebap welaýatynyň häkimliginde öňdebaryjy raýatlary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» medaly we beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Asylly ýörelgä eýerip, ýurduň baş baýramçylygynyň şanyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watan öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin öňdebaryjy raýatlary sylaglamak barada Karara gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen raýatlara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň ýadygärlik ýubileý medaly gowşuryldy.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat we edebiýat wekilleriniň, ýaş aýdymçylaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Degişli diplom bilen birlikde, bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy.