Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý baýramyny belläp geçdi

Sene: 2021-09-27

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynyň baş Baýdak meýdançasynda günorta-gündogar sebitiň ýaşaýjylar ýurdumyzyň milli baýramyny belläp geçdiler.

Çäre Türkmenistanyň senasynyň aýdylmagy we döwlet baýdagynyň belende göterilmegi bilen başlandy. Dabarada çykyş edenler ýurduň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler.

Uzak bolmadyk bu döwürde günorta-gündogar sebit üstünlikli ýol geçdi. Lebap welaýatynda birnäçe täze senagat desgalary, şol sanda Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işleýän kärhana, pagta kärhanasy, el zähmetiniň ulanylmagy iň az derejede ýola goýlan dokma senagat kärhanalary we 3 sany eletrostansiýalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenabat ― Kerki ýoly çekilip, Owganystanyň serhetinde Ymamnazar gözegçilik-geçiriş nokady döredildi. Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň 5-si guruldy. Olaryň 2-si

demir ýol, 3-si bolsa awtomobil köprüleridir. Kerki we Türkmeabat şäherlerinde halkara howa menzilleriniň açylmagy hem taryhy waka boldy. Ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, bu döwürde iki şäherçe we bir döwrebap oba döredildi. Bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki möhüm ulgamlar dolulygyna döwrebaplaşdyryldy. Türkmenabat şäheriniň keşbi gözelleşdirildi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

Dabaranyň ahyrynda Lebap welaýatynyň sungat ussatlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Onda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy wasp edildi. Agşam «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki bezemen meýdançada Türkmenabat şäheri milli baýramçylyk mynasybetli guraljak konsertiň myhmanlaryny garşylady. Ýagty hem-de köp öwüşginli feýerwerkler bu ajaýyp baýramyň jemlemesine öwrüldi.